Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde Ali Bekki obasy terror guramasyndan yzyna alyndy

Operasiýada 10-dan gowrak terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy

898205
Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde  Ali Bekki obasy terror guramasyndan yzyna alyndy

 

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşuny Zeýtun şahasy operasiýasynyň çäginde terror guramasy PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astynda bolan Afrin etrabynyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Rajo etrapçasynyň Ali Bekki obasynda gözegçiligi ýola goýdy.

Mesele hakynda berlen beýanatda Zeýtun şahasy operasiýasynyň 8-nji gününde Rajo etrapçasynda terror guramasynyň tälim merkeziniň hem ele geçirlendigi bellenildi

Operasiýada 10-dan gowrak terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň 20-njy ýanwarda başladan gury ýer operasiýasynda Adamanly, Haftar, Haý ogly, Ömer Uşagy, Marso, Şyh Abid, Karamanly, Bali obasy, Kurni we Mahmud Ubasy obalary bilen Syria Tel depesi terror guramasyndan yzyna alnypdy.

Beýanatda operasiýada diňe terrorçylara degişli ýerleriň nyşana alynandygy we asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilýändigi nygtaldy.



Degişli Habarlar