PÝD/PKK agza terrorçylar tarapyndan Kilisiň şäher merkezine raketa atyldy

Wakada 2 adam ýaralandy

898306
PÝD/PKK agza terrorçylar tarapyndan Kilisiň şäher merkezine raketa atyldy

Siriýanyň Afrin etrabynda terror guramasy PÝD/PKK agza terrorçylar tarapyndan Kilisiň şäher merkezine raketa atyldy.

Afrinde PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky etrapçalardan sagat 15.00 töweregi Kilisiň şäher merkezine raketa atyldy.

Raketa 5 gatly binanyň üçegine düşdi.

Wakada 2 adam ýaralandy.

Ýaralanan 2 adam hassahanada bejergi astyna alyndy.

Şäherde saparda bolan Wise-premýer Hakan Çawuşogly, Adalat ministri Abdulhamit Gül bilen Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar wakanyň bolan ýerine baryp gördi.

Çawuşogly, Gül we goşun generaly Akar raketa hüjümi barada ýolbaşçylardan maglumat aldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar