Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Azez etrabyndan Afrine girdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda Zeýtun şahajygy ady bilen geçirýän operasiýanyň çäginde Afrin sebitiniň gündogaryndaky Azezden hüjüme başlady

894433
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Azez etrabyndan Afrine girdi

Gury ýer goşunlarynyň giren ýerinde Azat Siriýa goşunyna degişli köp sanda söweşijiniň bardygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli uçarlar strategik taýdan wajyp ýerde ýerleşýän Afriniň Burseýa dagyndaky terrorçylara howa hüjümini gurady.

Terror guramasy Burseýa dagynyň hem Kilisiň welaýat merkezine hem-de oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Azeze bakmagy sebäpli ol ýerlere ýygy-ýygydan hüjümler guraýar.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri degişline degişli artilleriýa PÝD/PKK-nyň Jinderesiň Jeleme, Hemidiýýe, Hajlar, Freriýe we Tel Sellür obalaryndaky ýerlerine garşy hüjüm guramaga başlady.



Degişli Habarlar