Türkiýäniň Kilis şäherine Siriýadan atylan 4 raketa düşdi

Kilis şäheriniň merkezine Siriýanyň Afrin sebitinden atylan 4 raketa gaçdy

893704
Türkiýäniň Kilis şäherine Siriýadan atylan 4 raketa düşdi

Alynan maglumata görä Afrindäki aýralykçy terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:00-da yzly-yzyna atylan raketalar şäheriň merkezindäki 4 öýe degdi. 

Wakanyň bolan ýerine polisiýa gullugynyň işgärleri, ýangyn söndürijiler we lukmanlar iberildi. 

Ýaralanan 7 adam Kilis döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy. 

Partlama sebäpli duran käbir ulaglara, öý we iş ýerlerine zeper ýetdi. 

Beýleki tarapdan hüjümden soň serhetde ornaşdyrylan artilleriýa toplary terrorçylaryň ýerlerine hüjüm gurady.


Etiketkalar: #Kilis , #partlama , #öý , #ulag

Degişli Habarlar