Prezident R. T. Erdogan geçen ýyl 292 duşuşyk geçirdi

Erdogan 194 gezek hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

892718
Prezident R. T. Erdogan geçen ýyl 292 duşuşyk geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan 2017-nji ýylda 168-i ýurduň içinde we 125-i daşary ýurtda bolmak bilen jemi 292 duşuşyk geçirdi.

Erdogan 194 gezek hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan 21-i resmi, 7-i iş sapary we 6-sy hem halkara derejesinde geçirlen maslahata gatnaşmak maksady bilen daşary ýurda jemi 34 sapar gurady.

11-i resmi we 2-i hem iş sapary bolmak bilen ýokary derejeli 13 ýolbaşçyny Türkiýede myhman aldy.

Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiýede ýokary derejeli 4 maslahat geçirildi.

Erdogan şol maslahatlaryň çäginde döwlet we hökümet baştutany bolmak bilen jemi 51 myhmany bilen duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdogan geçen ýyl Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 14 gezek, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen 10 gezek, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen 9 gezek, Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen 8 gezek, Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Pakistanyň Premýer ministri Nawaz Şerif bilen 6 gezek, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bolsa 5 gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan tarapyndan garaşsyzlyk günü, gutlag, minnetdarlyk, çakylyk we ýörite günler üçin 684 gezek ýüzlenme, 215 hem hat ugrayldy.

 



Degişli Habarlar