Premýer ministr Binali Ýyldyrym Çanakkale bardy

Ýyldyrym Siriýanyň Afrin sebitindäki terrorçylara garşy geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýany ýurdyň hukuk taýdan özüňi goramak hökmünde häsýetlendirdi

893620
Premýer ministr Binali Ýyldyrym Çanakkale bardy

Çanakkalada çykyş eden Premýer ministr Binali Ýyldyrym: "Siriýanyň ýa-da başga bir ýurdyň toparklaryna gözümizi dikmeýäris" diýdi. 

Binali Ýyldyrym Türkiýäniň açyk terror howpyny ýok etmek üçin Afrindedigini beýanat etdi. 

"Terrora öz ýerinde od açyp, raýatlarymyzyň asydalygyny üpjün etdik" diýen Binali Ýyldyrym: "Günorta serhetlerimiziň howpsyzlygy üçin Ýewfrat galkanynda bolşy ýaly, Zeýtun şahajygy operasiýasynda hem soňky terrorçy ýok bolýança çenli dowam eder" diýdi. 

Türkiýäniň hukuk taýdan özüni nähili goramalydygyny gowy bilýändigini aýdan Ýyldyrym: "Serhedimiziň edil ýanynda terror koridorynyň emele getirilmegine rugsat bermeris. Ýurdumyzyň howpsyzlygy üçin ähli çäräni görmek biziň jogapkärçiligimizdir. Ýurdumuyza garşy duşmançylyk bilen garaýanlaryň höwesleri öz ýüreklerinde galar ýaly ederis" diýdi. 

 



Degişli Habarlar