Afrine hüjüm başlady...
Ilkinji hüjümde 30 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýanyň Afrin sebitine artilleriýa toplary bilen guralan ilkinji hüjümlerde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň sebitdäki şahasy PÝD/ÝPG-e agza 30 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri PKK/PÝD agza terrorçylaryň gözegçiligi astynda bolan Afrin sebitine guraljak operasiýadan ozal terrorçylaryň sebitdäki söweşjeň liniýalar nyşana alynyp, hüjüm guraldy.
Serhet birikmelerinden Afrine we golaýyndaky ýerlere toplar arkaly hüjüm guraldy.
Gaubisalar arkaly guralan hüjümler PÝD/ÝPG-niň ýerleri ýer bilen ýegsan edildi.
Gaubisalaryň hüjümlerine sezewar galan terrorçylaryň derbi-dagyn edilmegi öz aralarynda geçen gürrüňlerden mqlım boldyç
Afrin operasiýasynyň gury ýer goşunyny emele getirjek Azat Siriýa goşunynda bolsa ähli taýarlyklar görüldi.
20 müňden gowrak söweşiji Afrine girmek üçin buýruga garaşýar.
Degişli Habarlar
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi