Daşary işler ministri Çawuşogly ABŞ-a gitdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi

886685
Daşary işler ministri Çawuşogly ABŞ-a gitdi

Mewlüt Çawuşogly Los-Anjelesde işewür adamlar, metbugat işgärleri we ýerli syýsatçylar bilen duşuşyk geçirer.

Çawuşogly özbaşdak pikirler jemgyýetlerinde we uniwersitetlerde geçiriljek çärelerde sebitleýin we global meseleler baradaky garaýyşlaryny gürrüň berer.

Daşary işler ministri ABŞ saparyndan soň bolsa Kanadanyň Wankuwer şäherine geçer.

Çawuşogly Kanadanyň we ABŞ-nyň Daşary işler ministrlikleriniň bilelikde geçirjek “Koreýa ýarym adasynda howpsyzlyk we asudalyk” temaly Daşary işler ministleriň maslahatyna gatnaşar we maslahatyň çäginde daşary ýurtly kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.



Degişli Habarlar