ABŞ-na gitjek raýatlara Amerikadaky ýerliksiz tussag edilmeler sebäpli duýduryş berildi

Türkiýe ABŞ-na gitjek türk raýatlaryna syýahat duýduryşyny berdi

886875
ABŞ-na gitjek raýatlara Amerikadaky ýerliksiz tussag edilmeler sebäpli duýduryş berildi

 

Daşary işler ministrligi ABŞ-na gitjek türk raýatlaryna Amerikada başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümler we ýerliksiz tussag edilmeler sebäpli duýduryş berdi.

Daşary işler ministrliginden berlen duýduryşda ABŞ-da başdan geçirilýän terrorçylykly hüjümleriň artýandygy, bombaly ýada ýaragly hüjümler bilen birlikde ulaglaryň halkyň üstüne sürülýändigi, şäher merkezleri bilen medeni dynç alyş ýerlerini, metro beketlerini, ybadat ýerlerini hatda mekdepleri nyşana almaga dowam edip biljekdigi nygtaldy.

Beýanatda “ABŞ giden resmi wezipelerde işleýän gullukçylarymyz bilen birlikde raýatlarymyz ýerliksiz tussag edilýär, türk raýatlary hakynda gozgalan kazyýet işlerinde Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň garaýyşlaryna ähmiýet berilýän kararlar kabul edilýär” diýildi.



Degişli Habarlar