"Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli Türkiýä çagyrar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iki ýurduň arasyndaky dialogyň dowam etdirilmelidigini aýtdy

886158
"Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli Türkiýä çagyrar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýada hökümetiň gurulmagyndan soň Prezident R. T. Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeli Türkiýä çagyrjakdygyny aýtdy.

Antalýada nemes žurnalistleriniň soraglaryna jogap beren Çawuşogly Erdoganyň birnäçe gezek Germaniýanyň Federal Kansleri Merkel we Prezidenti Frank Walter Şteinmeier bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigine ünsi çekdi.

 Prezident R. T. Erdoganyň Germaniýada hökümetiň gurulmagyndan soň Federal Kansler Angela Merkeli Türkiýä çagyrjakdygyny ýada Erdoganyň Germaniýa sapar gurajakdygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýändiklerini belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iki ýurduň arasyndaky dialogyň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

 

 

 



Degişli Habarlar