Russiýanyň we Eýranyň ilçileri Türkiýäniň Daşary işler ministrligine çagyryldy

Russiýanyň we Eýranyň Ankaradaky ilçileri Asada bagly güýçleriň Idlibdäki hüjümlerine nägilelik bildirmek üçin Türkiýäniň Daşary işler ministrligine çagyryldy

885020
Russiýanyň we Eýranyň ilçileri Türkiýäniň Daşary işler ministrligine çagyryldy

Russiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow bilen Eýranyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammed Ibrahim Taherian Fard Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlib dartgynlygy azaltmak sebitindäki hüjümleri sebäpli Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Türkiýe Asada bagly güýçleriň Siriýadaky dartgynlygy azaltmak sebitlerindäki düzgün bozmalaryny, harby we diplomatik çeşmelerden Astanada Asada bagly güýçlere kepil bolan russiýaly we eýranly resmilere habar berdi.

Düzgün bozmalar sebäpli soňky gezek bolsa Russiýanyň Ankaradaky ilçisi Alekseý Ýerhow düýn Daşary işler ministrligine çagyryldy we Türkiýäniň bu babatdaky reaksiýasy bilen nägileligi berk ýagdaýda bellendi.

Mesele sebäpli Asada bagly güýçlere kepil bolan beýleki bir ýurt Eýranyň Ankaradaky ilçisi Muhammed Ibrahim Taherian Fard hem Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Düzgün bozmalar şol bir wagtda Daşary işler ministriniň orunbasary we Baş ilçi Ümit Ýalçynyň Siriýanyň Milli koalisiýasynyň başlygy Riad Seif bilen geçiren duşuşygynda hem ara alynyp maslahatlaşyldy.

Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibiň günorta-gündogarynda eýýäm ençeme wagt bäri alyp barýan gury ýer operasiýalarynyň çäginde ady agzalan ýeriň serhedini geçip, sebitiň düzümindäki käbir ýaşaýyş ýerleriniň gözegçiligini basyp alandygy görülýär.  



Degişli Habarlar