"ABŞ-da dowam edýän kazyýet işi inha şol syýasy maksatly agdarlyşyk synanşygynyň salgysydyr”

R. T. Erdogan partiýasynyň TBMM-däki mejlis toparynyň maslahatynda çykyş etdi

884591
"ABŞ-da dowam edýän kazyýet işi inha şol syýasy maksatly agdarlyşyk synanşygynyň salgysydyr”

 

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan partiýasynyň TBMM-däki mejlis toparynyň maslahatynda çykyş etdi.

Çykyşynda ABŞ-da hukuk skandalyna öwrülen kazyýet işini hakynda durup geçen Erdogan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda ýurdumyzda agdarlyşyk etmäge synanşanlar emma maksadyna ýetip bilmedikler indi başga agdarlyşyklaryň gözleginde. ABŞ-da dowam edýän kazyýet işi inha şol syýasy maksatly agdarlyşyk synanşygynyň salgysydyr” diýdi.

ABŞ-nyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ, Merkezi razwetka gulllugy CIA we Federal barlag gullugy FBY arkaly Türkiýä basyş etmek isleýändigini aýdan Erdogan emma olaryň maksatlaryna ýetip bilmejekdiklerini nygtady.

ABŞ-nyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde kabul etmegine ýene-de bir gezek garşylyk görkezen Erdogan, Iýerusalimiň musulmanlar üçin diýseň möhümdigini belledi.

ABŞ-nyň goldawy bilen Siriýanyň demirgazygynda terror koridorynyň döredilmäge çalşylýandygyny aýdan Erdogan “Geçen ýyl Ýefrat galkany operasiýasy bilen başladylan etaby tamamlarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar