Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy  ABŞ tarapyndan wiza meselesinde berlen beýanata düzediş girizdi

"Türkiýede kaziýet işi dowam edýän şahyslar meselesinde ABŞ-na haýsydyr bir kepilnamanyň berilmedi"

877859
Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy  ABŞ tarapyndan wiza meselesinde berlen beýanata düzediş girizdi

Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy  ABŞ tarapyndan wiza meselesinde berlen beýanata düzediş girizdi

Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy Türkiýede kaziýet işi dowam edýän şahyslar meselesinde ABŞ-na haýsydyr bir kepilnamanyň berilmändigini mälim etdi.

Ilçihananyň beýanatynda Türk hökümetiniň hiç hili kepilnama bermändigi nygtaldy we halk köpçüligine ýalňyş maglumatyň berilmezligi babatynda duýduruş berildi.

Beýanatda mundan başgada  iki taraply ýörelgeleriň çäginde amerikan raýatlaryna goýlan  wiza çäklendirmesiniň bes edilendigi nygtaldy.

ABŞ-nyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan berlen beýanatda “berlen kepilnamalara laýyklykda türk raýatlary üçin goýlan wiza çäklendirmesiniň bes edilendigi” nygtalypdy.

Iki ýurduň arasyndaky wiza krizisi üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda başlapdy.



Degişli Habarlar