Türkiýe Saud Arabystanyna guralan raketaly hüjümi ýazgardy
Türkiýe Ýemendäki Husileriň düýn Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada ballistik raketa bilen guran hüjümini ýazgardy
Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda Ýemendäki Husi söweşijileriň Saud Arabystanyna ýaňadandan raketa hüjümini gurandygy mälim edildi.
Beýanatda: “Hüjümi ýazgarýarys, hüjümiň Saud Arabystanynyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilmeginiň saýasynda dost we dogan Saud Arabystanynyň ýitgi çekmezligine hoşallyk bildirýäris” diýilýär.
Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada Ýemenden atylan ballistik raketa şäheriň howa giňişliginde howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.