Türkiýäniň Premýer ministri Bangladeşde

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Bangladeşe bardy

871124
Türkiýäniň Premýer ministri Bangladeşde

Ýurdyň paýtagty Dakka baran Ýyldyrymy we ýanyndaky wekiliýeti Hazrat Şahjalal howa menzilinde Türkiýäniň Bangladeşdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dewrim Öztürk we beýleki resmiler garşyladylar.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen birlikde Wise-premýer Bekir Bozdag, Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Rawza Kawakjy hem Bangladeşe gitdi.

Bangladeşiň Premýer ministri Şeýh Hasinanyň çakylygyna laýyklykda bu ýurda resmi sapar guran Binali Ýyldyrym paýtagt Dakkada ýokary derejeli duşuşyklar geçirer.

Saparyň çäginde Bangladeş bilen Türkiýäniň arasynda doganlyk we dostlyga esaslanýan gatnaşyklaryň giňişleýin ýagdaýda ele alynmagy we başda Rohingýa krizisi bolmak bilen sebitleýin meseleler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Premýer ministr Ýyldyrym Dakka saparyndan soň Bangladeşiň Koks Bazar sebitine geçip, Rohingýaly musulmanlaryň ýaşaýan çadyr düşelgelerine baryp görer.



Degişli Habarlar