Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Bangladeşe gitdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Bangladeşiň Premýer ministri Şyh Hasinanyň myhmany hökmünde Bangladeşe gitdi

870514
Premýer ministr Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Bangladeşe gitdi

Premýer ministr Ýyldyrym Bangladeşe gurajak resmi saparynyň çäginde dekabr aýynyň 19-20-i aralygynda paýtagt Dakkada ýokary derejeli gepleşikler geçirer.

Saparyň çäginde Bangladeş bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar bilen Mýanma krizisiniň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Premýer ministr Ýyldyrym Dakkadaky resmi gepleşiklerinden soň Bangladeşiň Kokj Bazar şäherinde Mýanmadaky musulmanlaryň bolýan düşelgelerine baryp görer.

 



Degişli Habarlar