Prezident R. T. Erdogan “Ysraýyl basyp alyjy we terror döwleti”diýdi

Prezident Erdogan adalata eýe çykýan ähli ýurtlary İýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde yrkar etmäge çagyrdy

867454
Prezident R. T. Erdogan “Ysraýyl basyp alyjy we terror döwleti”diýdi

 

Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň liderleri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 6-njy dekabrda Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän we ABŞ-nyň Tel Awiwdäki ilçihanasyny İýerusalime göçürmek baradaky kararyndan soň guramanyň döwürleýin ýolbaşçysy Türkiýaniň ýer eýeçiliginde adatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.

Liderler maslahatynda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy hökmünde çykyş eden Prezident Erdogan, “Biz bu gün Yslamyň ilkinji kyblasy we Al Aksanyň ýerleşýän şäheri İýerusalimimiziň taryhy statusy hakyndaky karary ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlenişdik” diýdi.

Çykyşynda 1947-nji ýyldan bäri Ysraýylyň gabawy astynda bolan Palestina hakynda gürrüň beren Erdogan, “ Bu Ysraýylyň basyp alyjy döwletdigini görkezýär” Ysraýyl şol bir wagtda terror döwletidir. İýerusalimde gadymy şäheriň köçelerinde birnäçe minut gezen her bir adam şäheriň basyp alyşlyk astyndadygyna doly göz ýetirer” diýdi.

Erdogan “10 ýaşyndaky çagalary şol terrorçy esgerler saklaýar we demir kapasanyň içine goýýar, gözlerini baglaýar we 14 ýaşyndaky çaga zulum edýärler. Beýleki tarapdan  bir gyzjagaz ejesini gujaklaýar, ejesi bolsa taýak iýýär we şol çagany ejesiniň elinden alýarlar. Eýsem bu basyp alyjylyk däl-de , terror däl-de nämedir?” diýdi.

ABŞ-nyň kararynyň hiç hili hökmüniň ýokdygyny aýdan Erdogan, “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 1980-njy ýylda kabul eden kararyna görä, hiç bir ýurt İýerusalimde ilçihana açyp bilmez”diýdi. Jenap Papa bilen birlikde telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren ähli liderlerim ABŞ-nyň Iýerusalim hakyndaky kararyny ykrar etmeýär” diýdi.

Çykyşynda Trampa hem garşylyk görkezen Erdogan “Dünýä diňe sizden ybarat däl” diýdi

Prezident Erdogan adalata eýe çykýan ähli ýurtlary İýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde yrkar etmäge çagyrdy.

 

 



Degişli Habarlar