Musulman ýurtlaryň liderleri Türkiýede İýerusalim meselesi boýunça jemlenşerler

Maslahatyň ileri tutulýan ugruny ABŞ-nyň İlçihanasynyň İýerusalime göçürilmegi barada karary emele getirýär

866922
Musulman ýurtlaryň liderleri Türkiýede İýerusalim meselesi boýunça jemlenşerler

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň liderleri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmek we ABŞ-nyň İlçihanasyny Tel-Awiwden İýerusalime göçürmek baradaky meýilnamasyny beýan etmeginden soň döwürleýin ýolbaşçy Türkiýäniň ýer eýeçiliginde nobatdan daşary maslahat geçirerler.

Ertir geçiriljek ýokary derejeli maslahatyň çäginde Prezident R.T.Erdogan musulman ýurtlaryň liderleri bilen duşuşyp, İýerusalimiň Amerika tarapyndan Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmegine garşy görüljek çäreleri seljererler. Maslahatdan soň jemleýji jarnama çap ediler.

YHG-nyň nobatdan daşary maslahatyna 16 sanysy lider derejesinde 48 ýurtdan wekiller gatnaşarlar.

Owganystandan, Azerbaýjandan, Bangladeşden, İndoneziýadan, Palestinadan, Gwineýadan, Eýrandan, Katardan, Kuweýtden, Liwiýadan, Liwandan, Somaliden, Sudandan, Togodan, İordaniýadan we Ýemenden prezident, döwlet ýolbaşçysy ýa-da şa, Jibutiden, Maleýziýadan we Pakistandan premýer ministr derejesinde gatnaşyk bolar. Komorlara döwlet sekretary, Omana wise-premýer derejesinde wekilçilik ediler. Gazagystana we Özbegistana bolsa mejlisiň başlyklary wekilçilik ederler.

Synçy ýurtlardan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna Prezident Mustafa Akynjy, myhman ýurt derejesindäki Wenezuella bolsa maslahatda Prezident Nikola Madura wekilçilik eder.



Degişli Habarlar