Resmi sapar bilen Gresiýa giden Prezident Erdoganyň hormatyna resmi agşam nahary berildi

Erdogan 65 ýyl soň ilkinji gezek Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde resmi sapar bilen Gresiýa gelmekden hoşaldygyny belledi

863878
Resmi sapar bilen Gresiýa giden Prezident  Erdoganyň hormatyna resmi agşam nahary berildi

Resmi sapar bilen Gresiýa giden Prezident R. T. Erdoganyň we aýaly Emine Erdoganyň hormatyna Gresiýanyň Premýer ministri Prokopis Pawlopoulos we aýaly Wlasia Pawlopoulos tarapyndan Prezident köşgünde resmi agşam nahary berildi.

Nahardan öň söz sözlän Erdogan sözlerine “Bu bereketli saçagyň başyndan hemmänize ýalkymly salam” diýip başlady.

Erdogan 65 ýyl ozal merhum prezident Jelal Baýardan soň ilkinji gezek  Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde resmi sapar bilen Gresiýa gelmekden hoşaldygyny belledi.

“Aslynda biz biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän taryha eýe iki halk” diýen Erdogan “Ýurdumyzda on müňlerçe grek raýatymyz bar. Edil şonuň ýalyda Gresiýada garyndaşlarymyz bar. Bu jebisligimizde biziň medeni we dini ynançlar taýdan biri-birimiz bilen nähili arabaglanşyklydygymyzy görmek mümkin. Biziň bu taryhy saparymyz ýagty geljek taze başlangyçlary ýany bilen alyp gelsin” diýdi.

Erdogan sebitiň diýseň ynjyk döwürleri başdan geçirýän günlerinde iki ýurduň arasyndaky arkalaşygyň has möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan ÝB etabynda Gresiýanyň Türkiýä berýän goldawlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

R. T. Erdogan terror garşy göreşde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar