Türkiýe Trampyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyny kabul etmeýär

Kalyn Trampyň karary hakynda Twitter arkaly beýanat berdi

862931
Türkiýe Trampyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyny kabul etmeýär

Prezident Diwanynyň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararyny Türkiýäniň kabul etmeýändigini aýtdy.

Kalyn Trampyň karary hakynda Twitter arkaly beýanat berdi.

Kalyn beýanatynda “Kararyň biziň üçin hiç hili güýji ýokdyr. Amerikan hökümetiniň Ierusalim bilen baglanşykly jogapkärçiliksiz we hukuga bap gelmeýän beýanatyny kabul etmeýäris we ýazgarýarys. Dünýä ýurtlary halkara hukugy we BMG-nyň kararlaryny basgylaýan karary ret etmeli we Palestinanyň halkyna goldaw bermeli” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar