Erdogan Pakistanyň Prezidenti bilen Ierusalim hakynda pikir alyşdy

"Karar Ýakyn Gündogarda parahatçylyga we durnuklylyga ýaramaz täsirini ýetirer"

863111
Erdogan Pakistanyň Prezidenti bilen Ierusalim hakynda pikir alyşdy

 

Prezident R. T. Erdogan Amerikan hökümetiniň Ierusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýän kararynyň Ýakyn Gündogarda parahatçylyga we durnuklylyga ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

Erdogan Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Düýn agşamara geçirlen telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty Gündogar Ierusalim bolan garaşsyz we özbaşdak Palestina döwleti gurulmazdan Ýakyn Gündogarda yzygiderli we adalatly parahatçylygyň üpjün edilip bilinmejekdigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň Ierusalim meselesinde 13-nji dekabrda Stambulda Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň adatdan daşary ýagdaýda maslahatyny geçirjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar