Erdogan bilen Çipras özara duşuşykdan soň metbgata beýanat berdi

Biziň territorial bitewilik meselesinde hiç hili kynçylygymyz  ýok”

863697
Erdogan bilen Çipras özara duşuşykdan soň metbgata beýanat berdi

 

Prezident R. T. Erdogan Gresiýa guran resmi saparynyň çäginde Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen duşuşdy.

Erdogan bilen Çipras özara duşuşykdan soň metbgata beýanat berdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň uzak ýyllardan bäri eli ganly terror guramalaryna garşy göreşýändigini, Gresiýanyň hem agdarlyşyk meselesine düşünýändigini belledi we 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşk synanşygyndan soň Gresiýa gaçan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agzalarynyň gysga wagtda yzyna berilmelidigini aýtdy.

Erdogan “250 raýatymyzy şehit eden FETÖ-niň agzalarynyň kaziýet işine çekilmegi we adalatyň öňünde jogap bermekleri diýseň möhüm. Gresiýa agdarlyşyk synanşygyna gatnaşandan soň Gresiýa gaçan gaçgaklaryň yzyna berilmegi üçin çagyryş berýärin. Gijä galynan adalat, adalat däldir” diýdi.

Gresiýadaky musulman azlyklaryň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda hem durup geçen Erdogan “1923-nji ýyldaky Lozanna ylalaşygy 11 ýurdy öz içine alýar. YlalaşykdaÝaponiýanyň hem ýer almagy diýseň täsin” diýdi.

Lozannanyň diňe Eger deňzini we adalary öz içine almaýandygyny aýdan Erdogan “Günbatar Frakiýadaky azlyklaryň hukugy ýokmy? Şol azlyklaryň hukugyny şol ylalaşyk bilen eýsem nähili ýagdaýda kepillendirip bileris. Olaryň hukugyny goramak grek hökümetiniň wezipesi” diýdi.

Lozanna ylalaşygynda entegem düşünilmeýän käbir zatlaryň bardygyny aýdan Erdogan “Patrik daşary ýurda gitmek isleýän bolsa Lozanna görä, Stambulyň Eýýup etabynyň häkiminiň rugsady bilen çykmalydy,  emma biz munyň öňüni açdyk. Günbatar Frakiýanyň baş müftüsi wezipesine bellenilýär. Emma biz  bu meselede bellenen bilen däl ,eýsem saýlanan adam bilen işleşýäris. 15 ýyldan bäri grek ýolbaşçylaryna düşündirýäris emma netije alyp bilmedik. Lozzany Eger deňzi bilen çäklendirmäliň. Biziň territorial bitewilik meselesinde hiç hili kynçylygymyz  ýok” diýdi.

Türkiýede şu günki günde çenli hristiýanlaryň buthana meselesinde hiç hili kynçylygy başdan geçirmändigini aýdan Erdogan “Häzirki wagtda Sümela manastyryny gurýarys we hristiýanlar üçin ybadata açarys. Olara näme üçin bu ýerde ybadat edýärsiňiz diýýän ýok. Emma Gresiýada metjitler meselesinde kynçylyk bar” diýdi.

Çykyşynda Kipr meselesi hakynda hem durup geçen Erdogan yzygiderli we adalatly çözgüde goldaw berýändiklerini nygtady we gepleşiklerden gaçýan tarapyň hemişe Kipriň grek böledigine ünsi çekdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Çipras hem ýurdunyň agdarlyşyk synanşygyna gatnaşan FETÖ-niň agzalaryna goldaw bermejekdigini we Gresiýanyň kaziýet organlarynyň meseläni seljerýändigini aýtdy.

Çykyşynda birnäçe ýyldan bäri ykdysady çökgünligi başdan geçirýändiklerini aýdan Çipras “Gresiýa üçin 2018  ýylda Türk-Grek gatnaşyklarynda täze sahypa açylmagy çagyryşyny berýärin” diýdi.



Degişli Habarlar