Türkiýäniň we ABŞ-nyň liderleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldylar

854653
Türkiýäniň we ABŞ-nyň liderleri telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Soçi maslahaty, Siriýa krizisi we sebitleýin meseleler ele alyndy. 

ABŞ-nyň Prezidenti şu gün agşam Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boljakdygyny habar beripdi. 

Sosial media hasabay Twitterden beýanat beren Tramp: “Şu gün Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen dartgynlygy miras edip aldygym Ýakyn Gündogara parahatçylyk getirmek bilen baglanşykly pikir alyşaryn” diýip belläpdi. 

Ýurdyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň syýasatyny tankyt eden Donald Tramp: “Ýakyn Gündogara girmegimiz iň başynda ýalňyşdy. Trillionlarça dollarlyk çykdaja we ençeme adamyň ýogalmagyna sebäp boldy” diýdi.



Degişli Habarlar