Çawuşogly rus we eýranly kärdeşleri bilen Antalýada duşuşjakdygyny aýtdy

Antalýada Soçide geçiriljek “Siriýa” temaly maslahat boýunça pikir alyşylar

849287
Çawuşogly rus we eýranly kärdeşleri bilen Antalýada duşuşjakdygyny aýtdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 22-nji noýabrda Russiýanyň Soçi şäherinde geçiriljek Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň liderleriniň maslahatyndan ozal hepdäniň ahyrynda Antalýada rus we eýranly kärdeşleri bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirjekdiklerini beýan etdi.

Çawuşogly: “Mundan beýläk haýsy ädimleri ädip bileris, Siriýada parahatçylygy we durnuklylygy ornaşdyrmak, Astana we Ženewa tapgyrlaryny nähili utgaşdyryp bileris? Bularyň ählisini ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.

22-nji noýabrda Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleriniň gatnaşmagynda Soçi şäherinde “Siriýa” boýunça maslahat geçiriler.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýer eýeçiliginde geçiriljek maslahat bilen Prezident R.T.Erdogan 10 günüň dowamynda ikinji gezek Russiýa sapar gurar.

Maslahata Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar