Erdogan Katarda Türk harby serkerdeligine baryp gördi

Prezident R.T.Erdogan Katardaky resmi saparynyň çäginde Türk ýaragly güýçleriniň guryýer serkerdeligine baryp gördi

848506
Erdogan Katarda Türk harby serkerdeligine baryp gördi

Ol ýerde harby işgärlere ýüzlenip çykyş eden Erdogan: “Siziň ähliňize ýurdumdan, 80 million raýatymdan salam getirdim. Türk milletiniň her bir agzasynyň salamy, söýgüsi, dogasy siziň bilendird” diýdi.

Erdogan: “Katardaky gahrymanlarymyzdan şuny isleýäris: ýaragyňyz we ýüregiňiz bilen harby borjuňyzy berjaý edýärkäňiz özüňizi alyp baryşyňyz, hormat-sylagyňyz bilen Kataryň halkynyň ýüregine ornaşyň” diýdi.

Prezident Erdogan türk esgerleri üçin Kataryň ýat il bolmandygyny aýtdy.

Katarda iş alyp barýan türk esgerleriniň öz öýündedigini nygtan Erdogan: “Siz, başga ýurtlaryň daşary ýurtlarda iş alyp barýan esgerleri ýaly däl, çünki siziň bäri gelmekdäki ýeke-täk sebäbiňiz dostluk, asudalyk, howpsyzlyk we parahatçylyk. Doganyň dogana bolan goldawy näme many aňladýan bolsa, siziň bäri gelmegiňiziň manysy hem şondan ybarat” diýdi.

Esgerlere Türkiýä we türk milletine wekilçilik edýän şol mukaddes wezipesinde üstünlik arzuw eden Erdogan: “Katarly dostlarymyza size berýän goldawy, döreden ýeňillikleri üçin sagbolsun aýdýaryn. Alladan Aýlag sebitinde we bütin sebitde dowam edýän dartgynlyklaryň gysga möhletde asudalyk bilen çözülmegini dileýärin. Rebimden bizi ähli doganlarymyz bilen bilelikde ynamly we eşretli geljege ýetirmegini dileýärin. Rebim sizi ähli bela-beterden, howpdan gorasyn. Rebim ýar we ýaranyňyz bolsun” diýdi.



Degişli Habarlar