Prezident Erdogan Yrakda we Eýranda bolan ýer titremesine uly gynanç bildirdi

"Türkiýe sebitdäki doganlaryna goldaw bermäge dowam eder"

846490
Prezident Erdogan Yrakda we Eýranda bolan ýer titremesine uly gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Yrakda we Eýranda bolan ýer titremesine uly gynanç bildirdi.

Prezident R. T. Erdogan Russiýa gurajak saparynyň öňüsyrasynda beren beýanatynda “Yragyň we Eýranyň halkyna geçdigi bolsun diýýäris. Ýer titremesiniň yzy ýanyndan 50 konteýnerlik ynsanperwer kömegi Yraga ugrayldy. Türkiýe sebitdäki doganlaryna goldaw bermäge dowam eder.  Ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň artmazlygyny umyt edýäris”diýdi.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Eýranly kärdeşi Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mewlüt Çawuşogly kärdeşi Zarife ýer titremesi sebäpli uly gynanç bildirdi we Türkiýaniň ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardyklaryny aýtdy.

Türkiýäniň ýaragly güýçleri hem Yragyň Süleýmaniýe etrabyna ynsanperwer kömegini alyp gider.

Ýörite uçar bilen 20 adamlyk saglygy goraýyş topary hem Süleýmaniýe şäherine gider

 

 



Degişli Habarlar