Türkiýe-Ermenistan serhedine kameralar goýuldy

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky serhediň dowamly ýagdaýda gözegçilik edilmegi üçin serhede “Analitik Daşky gurşaw howpsyzlyk ulgamy” ýerleşdirildi

843373
Türkiýe-Ermenistan serhedine kameralar goýuldy

Türkiýäniň Kars welaýatynyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda taslamanyň 3-nji awgustda tenderiniň geçirilendigi ýatladyldy.

Ýerine ýetiriji firma bilen 17-nji awgustda şertnama baglaşylandygy aýdylýan beýanatda: “Serhet liniýasynda kameralaryň gurnalmagy we ýerleşdirilmegi doly tamamlandy. Häzirki wagtda ulgam synagdan geçirilýär. 2 million 800 müň lira çykdajysy bolan taslama bilen Türkiýe-Ermenistan serhet liniýasy howpsyz ýagdaýa geler we başdan geçirilýän dürli oňaýsyz wakalaryň öňi alynar” diýildi.



Degişli Habarlar