Kalyn rus hökümetiniň Siriýa temaly maslahata PÝD-äni çagyrmagyna garşylyk görkezdi

Ibrahim Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi

838507
Kalyn rus hökümetiniň Siriýa temaly maslahata PÝD-äni çagyrmagyna garşylyk görkezdi

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Prezidentiň kompleksinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Kalyn Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlygy Mesut Barzaniniň wezipesinden çekilip ygtyýaryny Neçirwan Barzana tabşyrmagy bilen sebitde täze ýagdaýyň emele gelendigini aýtdy.

Kalyn Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzaniniň Prezident Erdogan bilen duşuşmak isleýändigi hakyndaky soraglara hem jogap berdi.

Kalyn “Prezidentimiz amatly gören halatynda we ýeri gelende duşuşyp biler. Emma munyň üçin Erbiliň heniz durmuşa geçirmeli işleri bar” diýdi.

Kalyn rus hökümetiniň Siriýa temaly maslahata aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-äni çagyrmagyna garşylyk görkezdi we “Elbetde bu kabul edilip bilinmez” diýdi.

 



Degişli Habarlar