Erdogan we Aliýew umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Azerbaýjanyň gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa daşajak TANAP taslamasynyň gysga wagt soň işlemäge başlajakdygyny habar berdi.

838077
Erdogan we Aliýew umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Erdogan Azerbaýjan saparynyň ikinji gününde paýtagt Bakudaky Zagulba köşgünde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Erdogan çykyşynda düýn işlemäe başlan Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasyndan soň, energetika liniýasynyň hem açylmagy bilen iki ýurdyň strategik taýdan biri-birine has hem ýakynlaşjakdygyny belledi. 

Erdogan TANAP taslamasy bilen bagly işleriň hem dowam edýändigini ýatlatdy. 

Mundan soň ýüz müňlerçe adamyň diňe Baku-Tiblisi-Kars demir ýol liniýasyny däl, eýsem Hytaýyň paýtagty Pekinden Britaniýanyň paýtagty Londona çenli uzanýan bu ýoly umumy ulanyp biljekdigini aýdan Erdogan bu ýerden diňe adamlaryň syýahat etmejekdigini, şol bir wagtda ýükleriň hem daşaljakdygyny, onuň bolsa ykdysady girdeji getirjekdigini nygtady. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew eden çykyşynda bolsa Türkiýe bilen Azerbaýjanyň dostlyk we doganlygyň, sebit üçin möhüm bir faktordygyny we asudalygy üpjün etjek bir roly öz üstüne alandygyny belledi. 

 



Degişli Habarlar