1 hepde-de 64 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrligi soňky 1 hepde-de terrora garşy guralan operasiýalarda 64 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi

832281
1 hepde-de 64 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ministrlikden berlen beýanatda oktýabr aýynyň 16-23-i aralygynda terrora garşy 1545 operasiýanyň guralandygy we operasiýalarda 45-i öli, 11-i boýun egmek bilen jemi 64 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Aýralykçy terror guramasy PKK/KJK bilen arabaglanşykly 131, FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 643, DAIŞ bilen arabaglanşykly 69 we çepçi terror guramasy bilen arabaglanşykly hem 16 adam göz tussaglygyna alyndy.

Kiber jenaýatlara garşy göreşiň çäginde bolsa 273 adam hakynda kaziýet işi gozgaldy.

Neşe söwdasyna we gaçgaklara garşy göreşiň çäginde bolsa 3466 operasiýa guraldy we 4645 adam göz tussaglygyna alyndy.

 



Degişli Habarlar