Içeri işler ministri Soýlu terror operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Soýlu paýtagt Ankarada 81 welaýatyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyş etdi

824812
Içeri işler ministri Soýlu terror operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

 

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu soňky 1 ýylda terror guramalaryna garşy geçirilen 68 müňden gowrak terror operasiýalarynda 2242 terroçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Paýtagt Ankarada 81 welaýatyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda çykyş eden Soýlu terrora garşy göreşiň möhümdigini belläp: “PKK, KCK, PÝD, FETÖ we DAIŞ terror guramalarynyň ählisiniň düýbi bir” diýdi.

Süleýman Soýlu geçirilen operasiýalaryň netijesinde 30 167 adamyň tussag edilendigini, 1488 gaçypatalganyň we gowagyň ýok edilendigini, terrorçylykly hüjümleriň 515-siniň öňüniň alynandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar