PKK tarapyndan guralan hüjümde 1 esger bilen 1 sakçy şehit boldy

Ýaralanan 4 sakçy bejergi astyna alyndy

817970
PKK tarapyndan guralan hüjümde 1 esger bilen 1 sakçy şehit boldy

Şyrnak-Jizre ýolunyň howpsyzlygyny üpjün edýän esgerlere we sakçylara garşy terror guramasy aýralykçy terror guramasy PKK tarapyndan guralan hüjümde 1 esger bilen 1 sakçy şehit boldy, 4 sakçy ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, gurluşygy dowam edýän Şyrnak-Jizre gara ýolunyň 20-njy kilometrinde howpsyzlygy üpjün edýän esgerlere we sakçylara terrorçylar tarapyndan ýaragly hüjüm guraldy.

Hüjümde 1 egser bilen 1 sakçy şehit boldy.

Ýaralanan 4 sakçy bejergi astyna alyndy.

Hüjümden soň gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa başladyldy.

 



Degişli Habarlar