Hakkariden we Agrydan şehit habary geldi

PKK tarapyndan guralan hüjümde 1 esger bilen 1 oba sakçysy şehit boldy

816993
Hakkariden we Agrydan şehit habary geldi

Hakkari welaýatynyň Çukurja we Agry welaýatynyň Dogubaýazit etraplarynda aýralykçy terror guramasy PKK tarapyndan guralan hüjümde 1 esger bilen 1 oba sakçysy şehit boldy.

Hüjümden soň bolan çaknyşykda 4 esger bilen 2 sakçy ýaralandy.

Hakkaride bolan çaknyşykda 3, Agryda bolan çaknyşykda hem terror guramasy PKK-ly 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şyrnak welaýatynyň Beýtuşşebap etrabyndaky Kato dagynda hem çaknyşyk boldy.

Hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanylan PKK-ly 2 terrorçy howpsyzlyk güýçleri tarapyndan guralan operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar