Türkiýe Habur gümrük geçelgesini ýapmady

Ministr Tüfenkçi Habur gümrük geçelgesi bilen baglanşykly maglumat berdi

813486
Türkiýe Habur gümrük geçelgesini ýapmady

Türkiýäniň Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi Habur gümrük geçelgesiniň birtaraplaýyn häsýetde ýapylandygy baradaky habarlar bilen baglanşykly: “Gümrük geçelgesi häzirki wagtda ýapylmady, Yrak tarapyndan gelen ulaglar has ýygy ýagdaýda barlanyp geçirilýär” diýip mälim etdi.

Ministr Tüfenkçi Habur gümrük geçelgesi bilen baglanşykly maglumat berdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň referendum babatynda yza ädim etmezliginden soň Türkiýäniň hem Habur gümrük geçelgesini ýapandygy baradaky habarlaryň üstünde durup geçdi. Bülent Tüfenkçi: “Gümrük geçelgesi häzirki wagtda ýapylmady, Yrak tarapyndan gelen ulaglar has ýygy ýagdaýda barlanyp geçirilýär. Garşy tarapdan gelýän ulaglar üçin gözegçilikleri artdyrdyk” diýdi.

Türkiýedäki käbir ýük ulaglarynyň sürüjileriniň aladalanýandyklary üçin serhetden geçmek islemeýändiklerini aýdan ministr Tüfenkçi: “Öňümizdäki sagatlarda soňky wakalara görä, ýagdaýlary ýaňadandan gözden geçireris” diýdi.



Degişli Habarlar