Prezident Erdogan Iýordaniýada saparda boldy

Prezident Erdogan 9 ýyl soň Iýordaniýada saparda bolmakdan hoşaldygyny belledi

794232
Prezident Erdogan Iýordaniýada saparda boldy

 

Resmi sapar bilen Iýordaniýa giden Prezident R. T. Erdogan Iýordan şasy Abdullah II-nji bilen Al Hüseýniýe köşgünde duşuşdy.

Prezident Erdogan bilen Iýordan Şasy Abdullah özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Prezident Erdogan 9 ýyl soň Iýordaniýada saparda bolmakdan hoşaldygyny belledi.

“Doganym Iýordan Şasy Abdullaha çakylygy üçin öz adymdan we ýurdumyň adyndan öz minnetdarlygymy bildirýärin” diýen Erdogan 2017-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 70 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini aýtdy.

Prezident Erdogan “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygyndan soň beren goldawlary üçin öz adymdan we ýurdumyň adyndan Iýordaniýaly doganlarymyza minnetdarlyk bildirýärin”diýdi.

Döwlet we millet hökmünde iýordaniýalylara goldaw berýändiklerini we goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Gadyrly doganymyň esasan hem Palestina meselesinde uly tagalla edýändigini bilýärin. Iýordaniýanyň Iýerusalymda musulmanlara degişli mukaddes ýerleriň goralmagy baradaky tutumyna goldaw bermäge dowam ederis. Geçen aý Haremi Şerifde başdan geçirlen wakalaryň indi gaýtalanmazlygy üçin birlikde işleşmäge dowam ederis. Musulman dünýäsi hökmünde sebitde agyr günleri başdan geçirýäris. Şeýle ynjyk döwürde musulmanlar hökmünde arkalaşykly hereket etmelidirs. Bu günki maslahatyň hem şol nukdaý nazardan peýdaly boljakdygyna ynanýaryn”.

Prezident Erdogan Iýordan Şasy Abdullah II-njiniň hormatyna beren resmi agşam naharyna gatnaşdy, İýordaniýanyň Wekiller mejlisiniň başlygy Atef Tarawnef bilen Senadyň başlygy Faisal Al Faýezi kabul etdi.



Degişli Habarlar