Prezident Erdogan Iýordaniýada saparda bolar

Prezident R. T. Erdogan ertir resmi sapar bilen Iýordaniýa gider

791699
Prezident Erdogan Iýordaniýada saparda bolar

Prezident Erdogan 1 günlük resmi saparynyň çäginde İýordan Şasy Abdullah bilen duşuşar.

Saparyň gün tertibinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we Ysraýyl-Palestina meselesiniň başda durmagynda Siriýadaky soňky wakalar, Yragyň Kürt Awtanomiýasynda geljek aý geçirilmegi meýilleşdirilýän garaşsyzlyk referendumy we Pars Aýlagynda başdan geçirilýän krizis ýaly meseleler esasy orun eýelär.

Türkiýe bilen İýordaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 70 ýyllygyna gabat gelýän saparyň çäginde şeýle hem  iki ýurduň arasynda syýahatçylyk we senagat pudagynda edilýän gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Iki lider soňky gezek  Ysraýylyň Aksa metjidinde ybadat edilmegini çäklendirmegi sebäpli emele gelen krizisiň çözülmegi üçin geçen aý telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.



Degişli Habarlar