Türkiýe telaferlilere ynsanperwer kömegini berýär

Türk Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Telaferden 4,5 müň adama taýar nahar paýlady

791438
Türkiýe telaferlilere ynsanperwer kömegini berýär

Türk Ýarym Gyzylaý Jemgyýetiniň Yrakdaky toparynyň ýolbaşçysy Göksen Ýenigül Telafer bilenMosulyň Muhallabiýe etrapçasyndan gaçan 4,5 müň adamdan ybarat bolan 875 maşgala taýar nahar getirendiklerini beýan etdi.

Mosulyň günbatar kenaryndaky howpsyz zolaklara baran asuda ilaty Türk Gyzyl Ýarym Jemgyýetiniň ýalňyz goýmandygyny aýdan Ýenigül talaferliler üçin ähli goldawy bermäge taýardyklaryny nygtady.

Terror guramasy DAİŞ Mosulyň şäher merkeziniň 63 kilometr günbatarynda ýerleşýän Telaferi 2014-nji ýylyň iýun aýynda basyp alypdy.

Şäheriň halas edilmegi üçin sişenbe güni operasiýa başladylypdy.


Etiketkalar: #Türkiýe , #Telafer , #DAIŞ , #şäher

Degişli Habarlar