Binali Ýyldyrym howpsyzlyk maslahatyny geçirdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Çankaýa köşgünde howpsyzlyk maslahatyny geçirdi

786751
Binali Ýyldyrym howpsyzlyk maslahatyny geçirdi

Metbugata ýapyk häsýetde geçen maslahat 1,5 sagat dowam etdi.

Maslahata Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan we Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Ümit Ýalçyn ýaly resmiler gatnaşdylar.

Maslahatda terrora garşy göreş, Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy alynjak çäreler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Fetullahçy terror guramasyna garşy göreş hem gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň biri boldy.



Degişli Habarlar