Ýokary Harby Şuranyň maslahaty öz işini tamamlady

Şuranyň agzalary maslahatda ozal Atatürkiň aramgähini zyýarat etdiler

782451
Ýokary Harby Şuranyň maslahaty öz işini tamamlady

Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylyk etmeginde başlan Ýokary Harby Geňeşiň maslahaty öz işini tamamlady

Şuranyň agzalary maslahatda ozal Atatürkiň aramgähini zyýarat etdiler.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Atatürkiň aramgähindäki ýatlama depderine şulary ýazdy: “Güýçli başlangyçlar bilen miras goýup giden Respublikaňyzy döwrebap medeniýetleriň derejesinden hem ýokary götermek baradaky maksadyňyza ýetirmek üçin arman-ýadaman işlemäge dowam edýäris. Has eşretli, howpsyz, adyl, erkin Türkiýe biziň iň esasy maksadymyz. Şehitleriň gany bilen ýugrulan bu watanyň topragyny şol bir gaýrat bilen goramaga, geljek nesillere ýetirmäge dowam bolan ynamymyzy hemişekiden has ýokarydyr.”

Şuranyň agzalary sagat 11:15-de maslahatyň geçirilýän zalyna geldiler.

Maslahaty açan Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň ýerleşýän sebiti taýdan möhüm syýasy, jemgyýetçilik, howpsyzlyk hadysalarynyň başdan geçirilýän sebitiň merkezinde orun eýeleýändigini nygtap; “Bu datgynly sebitde howpsyzlygymyza içerden we daşardan abanýan wehimler bar” diýdi.

15-nji iýuldaky pespäl agdarlyşyk synanşygy bilen birlikde ekstremist terror guramalary bilen birlikde Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyna garşy göreşiň esasy meselelerden birine öwrülendigini nygtan Ýyldyrym: “Türkiýe häzirki wagtda üç terror guramasyna garşy aldym-berdimli göreşýär. Olar ekstremist terror guramasy PKK, FETÖ/PDÝ we terror guramasy DAİŞ. Şuny aýratyn nygtasym gelýär. Ekstremist terror guramasyna garşy göreş, esasanda soňky bir ýylyň dowamynda üstünlikli dowam edýär. geçen ýylyň awgust aýynyň başynda karar berilen hüjüm maksatly göreş strategiýasy we Türk ýaragly güýçleri bilen beýleki howpsyzlyk güýçlerimiziň doly utgaşykly işlemegi garaşylýany netijäni berdi we ekstremist terror guramasy bilen göreşde möhüm sepgide ýetildi” diýdi.

Ýokary Harby Şuranyň maslahatynda kabul edilen kararlar Prezident R.T.Erdogan tarapyndan tassyklanandan soň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiriler.

Maslahatyň çäginde kesgitlenen esasy ugurlardan biri hem harby güýçleriň serkerdeleriniň wezipeleri bilen bagly.

Milli goranmak ministriniň teklibi, Premýer ministriň goly we Prezidentiň tassyklamagy bilen kesgitlenýän harby güýçleriň serkerdeleriniň wezipeleriniň möhleti gutarýar. Guryýer goşunlarynyň serkerdesi general Salih Zeki Çolak, Deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Bülent Bostanoglunyň we Harby howa güýçleriniň serker4desi Abidin Ünalyň şertleri maslahatda kabul edilen karar bilen kesgitlener. Kanuna görä iş möhleti gutaran serkerdeleriň iş möhleti uzaldylyp bilinýär.

Türk ýaragly güýçleriniň Personal kanunyna görä harby güýçleriň serkerdeligine bellenen generallar wezipäni iki ýyl möhlet bilen berjaý edýärler. Şol möhlet Milli goranmak ministriniň teklibi, Premýer ministriň goly we Prezidentiň tassyklamagy bilen bir ýyllygyna uzaldylyp bilinýär. Wezipe möhleti degişli ýylyň 30-njy awgustyna görä kesgitlenýär.



Degişli Habarlar