Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

İçeri işler ministrligi tarapyndan iýul aýynyň 24-31-i aralygynda geçirilen operasiýalarda 35 terrorçynyň ýok edilendigi habar berildi

780841
Terrorçylyga garşy göreş dowam edýär

Ministrlikden berilen beýannama görä soňky bir hepdede ekstremist terror guramalaryna garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde 1157 operasiýa geçirildi.

Soňky bir hepdede geçirilen operasiýalarda terror guramasy DAİŞ bilen arabaglanşygy bolan 57, Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy bilen arabaglanşykly 593, çepçi terror guramalary bilen arabaglanşyklydygy anyklanan 28 adam saklandy.

921 sanysy terror jenaýatlary, 168 sanysy kiber jenaýatlar, 2,963 sanysy neşe we kontrabanda, jemi 3,884 adam ele salyndy.



Degişli Habarlar