"Katardaky harby baza Türkiýe bilen Kataryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda guruldy"

“Krizisiň Katardaky türk harby bazasy bilen hiç hili arabaglanşygy ýok"

759601
"Katardaky harby baza Türkiýe bilen Kataryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda guruldy"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Katardaky harby bazanyň Türkiýe bilen Kataryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlandygyny aýtdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Manawgat etrabynda Adalat we Ösüş partiýasynyň agzalary bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly duşuşykda Katardan şol ýurtdaky türk harby bazasynyň ýapylmagynyň talap edilmegi meselesi hakynda durup geçdi.

Çawuşogly “Türkiýe bilen Kataryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda Katarda harby baza guruldy. Özbaşdak iki ýurt hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Bu mesele iki ýurduň arasyndaky meseledir we başga ýurtlary gyzyklandyrmaýar”diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly halkara hukugyna bap gelmeýän, özbaşdak ýurduň hukuklaryny basgylaýan şuňa meňzeş talaplaryň kabul edilip bilinmejekdigini ýatlatdy.

Çawuşogly “Krizisiň Katardaky türk harby bazasy bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Harby bazanyň gurulmagy meselesinde 2014-nji ýylda şertnama baglaşyldy. Şol şertnama Mejlis tarapyndan tassyklandy we güýje girdi. Maý aýynda hem Daşary işler komissiýasynda tassyklandy. Bu krizisiň başlan döwrüne gabat geldi” diýdi.

Pars aýlagynyň durnuklylygyň we howpsyzlygynyň Türkiýäniň durnuklylygy we howpsyzlygy taýdan möhümdigini aýdan Çawuşoly “Pars aýlag sebitiniň durnuklylygy bizi bagtyýar eder. Emma şol ýerdäki dartgynlyk bizi gynandyrar. Katar bilen 4 ýurduň arasynda emele gelen dartgynlyk bizi gaty gynandyrýar. Dartgynlyk dialog arkaly parahatçylykly ýagdaýda çözülmeli. Prezidentimiz R. T. Erdogan dünýä liderleri bilen mesele hakynda pikir alyşdy” diýdi.

 



Degişli Habarlar