Prezident Erdogan “Gurhany owadan okamak” ýaryşyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan TRT 1 kanalynda görkezilen “Gurhany owadan okamak” ýaryşynyň finalyna gatnaşdy

757575
Prezident Erdogan “Gurhany owadan okamak” ýaryşyna gatnaşdy
erdogan.jpg

Erdogan Ankara Beştepe Millet kongres we medeni merkezinde geçirilen ýaryşyň finalynda eden çykyşynda ýaryşa gatnaşanlaryň ekranlardan ýaryşa syn eden adamlary bagtly edendiklerini we halkyň ýaryşa örän gyzyklanma bildirendigini belledi.

Geçirilen bäsleşigiň üstünde durup geçen Erdogan Gurhany okamagyň örän manylydygyny we wajypdygyny nygtady.

Erdogan ýaryşda 872 bal bilen 1-nji oruna mynasyp bolan Mustafa Altyna meşhur hattat Karahisariniň ýazan Gurhany sowgat edendigini habar berdi.

Prezident Erdogan 869 bal bilen ýaryşda 2-nji oruna mynasyp bolan Şükrü Asylerene we 852 bal bilen 3-nji bolan Osman Bostanja hem sowgatlaryny gowşurdy.



Degişli Habarlar