Bitlisde ýaralanan iki esger ýogaldy

Operasiýada ýaralanan 1 esgeriň bejergisiniň bolsa Tatwan döwlet hassahanasynda dowam edýändigi mälim edildi

757774
Bitlisde ýaralanan iki esger ýogaldy

Bitlis welaýatynyň Tatwan etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilen operasiýada ýaralanan  2 esger bejergi alýan hassahanalarynda şehit boldylar.

Baş ştab tarapyndan berilen beýannamada Tatwan etrabynda operasiýada ýaralanan 2 esgeriň bejergi alýan hassahanalarynda ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigi we ýogalandyklary habar berilýär.

Operasiýada ýaralanan 1 esgeriň bejergisiniň bolsa Tatwan döwlet hassahanasynda dowam edýändigi mälim edildi.



Degişli Habarlar