Erdogan Prezident Kompleksinde berilen agzaçara gatnaşdy

Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň soňky ýyllardaky durnuklylygy bilen görübilmezçilik edilýän bir ýurtdygyny nygtady

753854
Erdogan Prezident Kompleksinde berilen agzaçara gatnaşdy

Prezident Erdogan Prezident Kopmleksinde berilen Ankara Döwlet protokoly agzaçar programasyna gatnaşdy.

Ol ýerde eden çykyşynda Türkiýäniň güýçli bir durnuklylyga gowuşandygy sebäpli nyşana astyna alynýandygyny aýdan Erdogan ýurdyň syýasy, sosial, ykdysady ugurlaryna garşy guralýan hüjümleriň mundan soň hem dowam etjekdigini ýatlatdy.

Türkiýäniň üstünlikleri sebäpli görübilmezçilik edilýän bir ýurt, milletiň hem görübilmezçilik ediljek bir milletdigini aýdan Erdogan: “Şol sebäpli ýurdumyzyň howpsyzlyk meýilnamasyny düýbünden üýtgetmeli boldyk. Hüjümleri öz serhetlerimiziň çäginde kabul etmegiň agyr ýitgilerini ýeterlik derejede ödedik. Mundan soň meselelere gönüden-göni ýerinde ýok edip, çözgüdi ol ýerde gözläris. Ýewfrat galkany operasiýasy şol düşünjäniň nähili derejede dogrydygyny we netijelidigini bize görkezdi” diýdi.

Türkiýäniň terror guramalary bilen gabaw astyna almaga synanyşanlaryň meýilnamalarynyň ilkinjisini puja çykarandyklaryny aýdan Erdogan terrora garşy göreş üçin gerek bolan ädimleri mundan soň hem ätjekdiklerini belledi.

Erdogan terror guramasy DAIŞ-e iň uly ýitgiler berdiren ýurtlaryň biriniň Türkiýedigini aýtdy we DAIŞ bilen gapynyň arka tarapynda koalisiýa bolanlary hem bilýändiklerini habar berdi.

Erdogan: “Hiç kim bu watanyň toprakalrynda operasiýa geçirmegi pikir etmesin. Ine bu operasiýa geçirmegi pikir edýänler hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda agyr ýitgi çekýär, çekmegini hem dowam etdirer. Nirä gitseler gitsinler, biz olaryň yzlarynda bolarys” diýdi.



Degişli Habarlar