Stambula gelen syýahatçylaryň sany artýar

Aprel aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda 16,8 göterim artdy

748369
Stambula gelen syýahatçylaryň sany artýar

Aprel aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda 16,8 göterim artyp, 835 müňe ýetdi.

Geçen ýyl Stambula gelen syýahatçylaryň sany 715 müňdi.

Şu ýylyň ilkinji 4 aýynda bolsa Stambula gelen syýahatçylaryň sany 2 million 727 müňe ýetdi.

Şu ýylyň ilkinji 4 aýynda Stambula gelen daşary ýurtlylaryň sanawy şu aşakdaky ýaly: Nemesler: %9, eýranlylar: %7.2, saud arabystanlylar: %4.4, ruslar: %4.2, yraklylar: %4.0, iňlisler: %3.6, ukrainalylar: %3.5, fransuzlar: %3.3, gollandiýalylar: %2.7, amerikalylar: %2.6, kuwweýtliler: %2.2, azerbaýjanlylar: %2.2, alžirliler: %2.1, hytaýlar: %2, türkmenler: %2, beýleki milletler: %45.



Degişli Habarlar