Wan welaýatynda bir esger şehit boldy

Çaknyşykda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

747800
Wan welaýatynda bir esger şehit boldy

Wan welaýatynyň Başkale etrabynda howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 2 terrorçy bolsa täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýat häkimligi tarapyndan berilen beýanatda terror guramasy PKK/KCK-nyň hereketleriniň öňüniň alynmagyna we aýan edilmegine garşy işleriň dowam edýändigi habar berildi.

Başkale etrabynyň Ýolmaçaýyr diýilen ýerinde howpsyzlyk güýçleri tarapyndan geçirilýän operasiýada terrorçylar bilen çaknşygyň bolandygy bellenen beýanatda: “Ýüze çykan çaknyşykda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, çaknyşykda ýaralanan 1 esgerimiz hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy. Welaýatymyzda halkyň asudalygy we howpsyzlygy üçin geçirilýän terrora garşy operasiýa arakesmesiz dowam edýär” diýildi.


Etiketkalar: #Wan , #Başkale , #şehit , #esger

Degişli Habarlar