Kalyn Katara sanksiýa goýmak baradaky kararyň gynanç döredendigini beýan etdi

Prezidentiň metbugat sekretary İbrahim Kalyn Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň Katara sanksiýa goýmak barada kabul eden kararynyň gynanç döredendigini aýtdy

746401
Kalyn Katara sanksiýa goýmak baradaky kararyň gynanç döredendigini beýan etdi

İbrahim Kalyn Prezident R.T.Erdoganyň Katar boýunça diplomatik gepleşiklere başlandygyny nygtap; “Türkiýe öz üstüne düşýän borjy berjaý etmäge taýar” diýdi.

İbrahim Kalyn beren ýazmaça beýannamasynda; “Sebitimizde parahatçylyk we durnuklylyk gözlegleriniň dowam edýän, sebitde ýerleşýän ähli ýurtlaryň şol maksatlara laýyklykda başlangyçlary etmegine garaşylýan döwründe strategik hyzmatdaşlyk edýän guramamyz bolan Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar öz aralaryndaky düşnüşmezlikleri gepleşikler, geňeşmeler arkaly çözmeli” diýdi.

Saud Arabystany, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn, Liwiýa, Ýemen we Maldiwler Katar bilen edýän ähli diplomatik gatnaşyklaryny bes edendigini habar beripdi.

 



Degişli Habarlar