Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Başlygy Türkiýe dartgynlygy çözmek üçin tagalla eder

Bu barasynda Daşary işler ministrliginiň beýanannamasynda aýdylýar

746240
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Başlygy Türkiýe dartgynlygy çözmek üçin tagalla eder

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Baýreýniň we Müsüriň şu gün irden Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes etmek we Katara garşy sanksiýalary goýmak barada karar kabul edendigi habar berildi. Şol karara uly gynanç bildirýäris” diýilýär.

Sebitiň dürli ýurtlarda dowam edýän dartgynlyklar sebäpli durnuksyzdygyna üns çekilýän beýannamada; “Şeýle kynçylykly döwürde sebitde arkalaşmak has möhüm. Şol çäkde Türkiýe strategik hyzmatdaşlyk edýän, sebitleýin parahatçylyk, howpsyzlyk we durnuklylyk taýdan möhüm pozisiýa eýeleýän Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzalarynyň öz aralaryndaky düşnüşmezlikleri gepleşikler arkaly çözmeği iň içgin arzuwymyzdyr” diýilýär.

Beýannamada; “Terrorizme garşy göreşiň başda durmagynda sebitimiziň başdan geçirýän kynçylyklara garşy diňe agzybirlikde göreşip bilinjekdigi ýatdan çykarylmaly däl. Türkiýe sebitiniň jogapkär ýurdy we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň başlygy hökmünde dost hem-de dogan ýurtlaryň arasynda başdan geçirilýän düşnüşmezligiň gysga möhletde çözülmegi üçin elinden geleni etmäge taýar” diýilýär.



Degişli Habarlar