Türkiýe Katar bilen gatnaşyklaryň bes edilmegine gynanç bildirdi

Türkiýe Pars aýlagy sebitinde ýerleşýän käbir ýurtlaryň Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny bes etmek baradaky kararyna gynaç bildirdi

746177
Türkiýe Katar bilen gatnaşyklaryň bes edilmegine gynanç bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada arkalaşygyň möhümdigine üns çekilip, sebitiň durnuklylygy üçin Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň düşnüşmezlikleri gepleşikler arkaly çözmekleri arzuw edildi.

Beýannamada Türkiýäniň sebitinde jogapkärçilikli ýurt we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin başlygydygy nygtalyp; “Türkiýe şol özboluşlyklary bilen sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky düşnüşmezlige gysga möhletde çözgüt tapylmağy üçin öz üstüne düşýän borjy berjaý etmäge taýar” diýilýär.

 



Degişli Habarlar