"ÝPG-ä berlen ýarag kömekleri Siriýanyň geljegi taýdan howply"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG-ä berlen ýarag kömekleriniň Siriýanyň geljegi taýdan howplydygyny aýtdy

743086
"ÝPG-ä berlen ýarag kömekleri Siriýanyň geljegi taýdan howply"

Daşary işler ministri Çawuşogly Sloweniýanyň Wise-premýeri  we Daşary işler ministri Karl Eržawek bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Daşary işler ministri Çawuşogly ABŞ-nyň başda durmagynda käbir ýurtlaryň Rakkanyň terror guramasy DAİŞ-den saplanmagy maksady bilen başga terror guramasy ÝPG bilen birlikde hereket etmeginiň howplydygyny aýtdy.

Çawuşogly “Biz Siriýada ÝPG-ä berlen ýada beriljek goldawa garşydyrys. ÝPG-ä berlen goldawyň Siriýanyň geljegi taýdan has howplydygyny nygtaýarys” diýdi.

Çawuşogly “Haýsydyr bir terror guramasyna berlen ýarag diňe Türkiýä garşy däl eýsem tutuş adamzada garşy ulanylyp bilner. Siriýanyň territorial bitewiligi taýdan bu diýseň howplydyr. Siriýanyň durnukly bolmagyny isleýän bolsak bu tutumdan ýüz öwürmelidiris”diýdi.

 



Degişli Habarlar